Türkmenistanyň Söwda we Daşary Ykdysady Aragatnaşyklar Ministriligi

Kompýuter Tilsimat Merkezi

Asset-2@4x-1

Hyzmatlar

computer-icon-2369111_640

KOMPÝUTER BEJERIŞ WE KARTRIDŽLERI DOLDURMAK

  • Siz kartridži özüňiz biziň hyzmat merkezimize getirip bilersiňiz, şondan soň diňe iki sagat içinde kartridžiňiz ulanylmaga taýýar bolar. 
  • Biziň ussalarymyz gerekli bolan ähli döwrebap enjamlara eýedir, şonuň saýasynda ýerine ýetirilýän hyzmatlary we kompýuter bejeriş işlerini iň ýokary hilde ýerine ýetirmegi başarýarlar. 
014-network

PROGRAMMANYŇ WE ELEKTRON RESMINAMALAR

Biziň hünärmenlerimiz size çylşyrymly hasaplaýyş programmalary, kärhanalar, zawodlar, fabrikalar, banklar, ýangyç guýýan stansiýalar üçin, ammar hasabaty, buhgalteriýa, elektron resminamalar üçin programmalar, 1S buhgalteriýa we şeýle-de MFSO programmalar babatynda maslahat bermäge we degişli programma çözgüdini saýlamaga kömek etmäge taýýardyrlar.

2709353

WIDEO GÖZEGÇILIK ULGAMY

Ofisleri, dükanlary, söwda merkezlerini häzirki zaman wideo gözegçilik ulgamlary bilen enjamlaşdyrmak üçin köp sanly enjam we komponent satýarys. Islegleriňiz üçin enjamlary we bölekleri saýlarys, taýýar esbaplary hödürläris, gurnama we işe girizeris, giň kepillik we kepillikden soňky hyzmaty bereris.

4882935

TÜSSÄNI ARASSALAMASYNY WE ÝANGYN AWTOMATIKASYNY

Dürli obýektler üçin ýangyn duýduryş ulgamyny gurýarys: senagat kärhanalary, söwda merkezleri, güýmenje merkezleri, işewürlik merkezleri we ş.m.

1386471

OFIS ENJAMLARY

Ofis enjamlaryny satmak we doly hyzmat etmek üçin hyzmatlary hödürleýäris. Islendik maksat bilen ofis enjamlary merkezimizde hödürlenýär: kompýuterler we noutbuklar, göçürijiler, printerler, MFP we ofis enjamlary üçin enjamlar.

2210159

Web-dizaýn

Web-sahypalaryň dürli görnüşleri döredýäris - ýönekeý gonuş sahypalaryndan başlap, köpugurly onlaýn dükanlara çenli. Dogry çözgüdi aýratynlykda saýlaýarys.

demo-attachment-770-Ellipse-104
Asset-1@4x

Bizi saýlamak üçin sebäpler näme?

KTM, Türkmenistanyň bazarynda uzyn ýyllar bäri üstünlik bilen işlerini ýöredýän we ösýän kompaniýadyr. Biziň esasy iş ýörelgämiz – müşderiler bilen aragatnaşykda dürüstlikdir. Biz islendik önüm we hyzmat barada müşderä doly maglumat berýäris, bar önüm ýa-da hyzmatlaryň arasyndan müşderi üçin biziň pikirimiz bilen laýyklykda iň gowy, ýokary hilli we amatly bolanyny saýlaýarys. Biz üçin müşderiniň indiki satyn alyş üçin bize gaýdyp gelmekleri örän ähmiýetli. Ýokarda görkezilen hyzmatlaryň ählisi üçin degişli rugsatnamalarymyz bardyr.

Biz “noldan” başlap we “ulanmaga taýýar” derejesine çenli işleýäris

Biz, kompýuter hyzmatlary we guramalar hem şahyslar üçin hyzmatlar pudagynda işleýän topar, siziň enjamyňyzyň sazlamalaryny ussatlyk bilen ýerine ýetireris, programma üpjünçiligini gurnarys we sazlarys, Internet baglanşygyny we sazlamalaryny ýerine ýetireris, mundan soňky goldawy üpjün ederis we Siziň ähli kompýuter meseleleriňizi çözeris. Kompýuter enjamlaryna we hyzmatlaryna degişli islendik işi kepillendirilen şekilde ýerine ýetireris. Biz diňe rugsatnamaly programma üpjünçiligi bilen işleşýäris we awtorlyk hukuklaryna eýe ähli taraplaryň hukuklaryny göz öňünde tutýarys. Bu bolsa biziň işimiziň ynamdarlygyna kepillik edýär. Biz hyzmatlaryň giň spektrini hödürleýäris. Biziň hyzmatlarymyza degişli jikme-jik maglumatlary biziň web sahypamyzdan tapyp bilersiňiz.

Asset-1